Disney ssenariýaçylaryň iş taşlaýyşlary zerarly filmleriniň çykyş tertibini täzeledi

15.06.2023, 22:168,903

Disney studiýasy ýakyn ýyllaryň taslamalary üçin täzelenen goýberiliş tertibini çykardy. Üýtgeşmeler Marvel kino älemine, “Awatarlara” we “Ýyldyz söweşlerine” degişli boldy.

Jeýms Kemeronyň “Awatarynyň” üçünjisi 2025-nji ýylyň 19-njy dekabryna yza süýşürildi. Dördünji we bäşinji bölekler, degişlilikde, 2029-njy we 2031-nji ýyllarda ekranlarda peýda bolar.
Deýzi Ridliniň Reýiň keşbinde çykyş eden “Ýyldyz söweşleri” 2026-njy ýylyň dekabrynda teatrlara çykar. Iki goşmaça özbaşdak film 2026-njy ýylyň maý aýynda we 2027-nji ýylyň dekabrynda prokata çykar.
Ssenariýaçylaryň iş taşlaýyşlary sebäpli täzeden düzülen super gahrymanlaryň arasynda:

  • “Dedpul 3” - 2024-nji ýylyň 3-nji maýy;
  • “Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” - 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly;
  • "Gök gürledijiler" - 2024-nji ýylyň 20-nji dekabry;
  • “Bleýd” - 2025-nji ýylyň 14-nji fewraly
  • “Fantastik dörtlük” - 2025-nji ýylyň 2-nji maýy;
  • “Ar alyjylar: Kangyň nesilşalygy” - 2026-njy ýylyň 1-nji maýy
  • “Ar alyjylar: Gizlin söweşler” - 2027-nji ýylyň 7-nji maýy

“Moana” multfilminiň oýun remeýki 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyna meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.