Asmanshop 90 minutda brend eşikleri öýe getirdip, geýip görüp almagy teklip edýär

21.06.2023, 11:3613,887
1 / 2

Türkmenistanda iň tiz eltip bermek hyzmatyny hödürleýän Asmanexpress-de Asmanshop bölümi işläp başlady. Indi ulanyjylar diňe bir harytlary sargyt etmek bilen çäklenmän, eýsem, brend eşikleri hem onlaýn satyn alyp bilerler. Asmanshop bölüminiň möhüm aýratynlygy — ol hem, brend egin-eşikleriň katalogyny gözden geçirip, öýde geýip görmek üçin sargyt edip bolýanlygydyr.

Müşderi  Koton, Mavi, LC Waikiki, Ramsey, Altin Yildiz Classics, Avva, Flo, Koton kids ýaly brendlerden islän egin-eşigini saýlap sargyt edýär. Asmanshop-yň işgärleri bolsa bary-ýogy 90 minudyň içinde şol eşigi siziň öýüňize getirýär.
Siz öz öýüňizde oturan ýeriňizde brend eşikleri mugt geýip görüp, satyn alyp bilersiňiz. Tölegler nagt hem nagt däl görnüşde kabul edilýär. Munuň özi onlaýn söwdada düýpli öňegidişlikdir.
Asmanexpress ulanyjylarynyň göwnünden turjak hem-de olaryň durmuşyny ýeňilleşdirjek ýene-de köp sanly täzelikleriň üstünde işleýär. Bu täzelikler ulanyjylaryň gymmatly wagtyny tygşytlap, başga, has möhüm işleri etmäge mümkinçilik berer.
Täzelikleri yzarlaň, ykjam goşundynyň täzelenen görnüşini ýükläp alyň hem-de ýokary hilli hyzmatdan lezzet alyp, 100 manat möçberinde bonus gazanyň!
Asmanexpress – siziň iň ýakyn dostuňyz!

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Saýt: 
asmanexpress.com 
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.