Türkmen okuwçylary Londonda geçirilen «IGO-2023» taslama olimpiýadasynda 6 sany bürünç medal aldylar

23.06.2023, 14:3315,991

2023-nji ýylyň 9-20-nji iýunynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde IGO-2023 (International Greenwich Project Olympiad) atly olimpiýadasy geçirildi.

41 döwletiň gatnaşmagynda, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilen taslama olimpiýadasyna okuwçylar tarapyndan 224-den gowrak taslama işleri hödürlenildi.
Bu abraýly halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan  saýlanan  topar gatnaşdy. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň toparynyň adyndan Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mahmudow Mahmyt, Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän 97-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Muhammetorazow Merdan we Saparmyradow Muhammetnur, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nuryýew Emir, 10-njy synp okuwçysy Muhammedow Şamuhammet, şeýle hem mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Nuryýew Abdulkaýum gatnaşdy.
Olimpiýadanyň jemi boýunça bu okuwçylar bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň  müdiri Hudaýberdi Baýew ýolbaşçylyk etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.