Threads-yň ulanyjylary profilini diňe Instagram akkaunty bilen bilelikde pozup bilerler

09.07.2023, 14:4610,294

Threads programmasyny döreden Meta korporasiýasy ulanyjylaryň bu programmada öz profilini diňe Instagram akkaunty bilen bilelikde pozup biljekdigini habar berdi. Muny Trend ýetirýär.

Maglumatlara görä, ulanyjylar Threads-da islendik wagt öz profiliniň işini bes edip biler, ýöne ony doly ýok etmek üçin Instagram-daky akkaunty hem pozmaly bolýar.
Mundan başga-da, tiz wagtdan Threads programmasy beýleki serwisler bilen birleşdiriler, bu hem ulanyjylara mazmun görmäge, olar bilen paýlaşmaga, olar bilen aragatnaşyk saklamaga, ulanyjylara abuna ýazylmaga we beýleki serwislerden abunaçylary çekmäge mümkinçilik berer.