2023-nji ýylda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk maslahaty geçiriler

13.07.2023, 06:1214,155

2023-nji ýylda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza döwletleriniň lukmançylyk we arassaçylyk edaralarynyň ylmy maslahaty geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşirde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 5-7-nji iýulda Budapeştde geçirilen Daşky gurşaw we saglygy goramak boýunça ýedinji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Türkmen paýtagtynda lukmançylyk maslahatyny geçirmek meselelerini türkmen wekiliýeti BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen maslahatlaşdylar. Maslahatyň geçiriljek anyk senesi takyklanylmaýar. Maslahata tejribelik geçýän lukmanlaryň, alymlaryň we bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirildi.
Goşulyşmazlyk Hereketi 1961-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döredildi. Gurama daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde harby-syýasy toparlara goşulyşmazlygy hem-de garaşsyzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde parahatçylykly hereket etmegi maksat edinip goýan döwletleri özüne birleşdirýär. Bu günki günde guramada 120 sany döwlet bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.