Samsung, Apple we Xiaomi smartfon bazarynda «dikelişiň ilkinji alamatlaryny görkezýän» öňdebaryjylar boldy

21.07.2023, 13:3616,669

Ýakynda Canalys bazar gözleg gullugy tarapyndan neşir edilen smartfon satuw maglumatlarynyň hasabatynda dünýädäki smartfon bazarynyň 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde 11 göterim pese gaçandygy görkezilýär.

Iň soňky maglumatlara görä, Samsung bazar paýy 21 göterim bilen öňdebaryjy ornuny saklady, Apple bolsa 17 göterim paý bilen ikinji ýeri eýeledi. Üçünji orunda 13% paý bilen Xiaomi durýar. Häzirki wagtda ol dünýäde iň meşhur Hytaý jübi telefony markasydyr.
OPPO (OnePlus-y goşmak bilen) Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň esasy bazarynda gowy netije görkezip, 10% paý bilen dördünji orny eýeledi. Täze “Y” seriýasynyň çykmagy bilen, “Vivo” 8% bazar paýy bilen bäşinji orny eýeledi.

"Smartfon bazary, 2022-nji ýyldan bäri yzly-yzyna alty çärýek pese gaçandan soň, dikelişiň ilkinji alamatlaryny görkezýär" - diýip, Canalys-yň seljerijisi Le Sýuý täze smartfonlaryň çykmagy bilen bazaryň giňeljekdigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.