Twitter guşly logotipini X bilen çalşar

25.07.2023, 11:504,993
1 / 2

Ilon Mask eýýäm birnäçe gezek Twitteriň rebrendinge garaşýandygyny ýaňzydypdy, indi bu barada anyk aýdyldy.

"Ýakyn wagtda biz Twitter markasy we ýuwaş-ýuwaşdan bolsa ähli guşlar bilen hoşlaşarys" - diýip, Ilon Mask heniz Twitter diýlip atlandyrylýan sosial ulgamda ýazdy.

Şeýle hem, sosial ulgamyň adynyň "X" diýip üýtgedilýändigini tassyklady. Mask düşegi gara "X" nyşanynyň logotip hökmünde çykyş etjekdigini sözüniň üstüne goşdy.