Şatlyk gözýaşlary bolan smaýlik 2023-nji ýylda iň meşhur emoji boldy

27.07.2023, 14:388,287

2023-nji ýylda ulanyjylaryň arasynda iň meşhur emoji "şatlyk gözýaşlary bolan ýüz"😂 boldy. Şeýle gyzykly maglumatlary Facemoji smaýlikler bilen paýlaşmak üçin programmany işläp düzüjileriň gözleglerine salgylanyp, Usa Today portaly getirýär. Reýtingiň ikinji ornunda "gülküden ýaňa ýerde togalanýan" smaýligiň şekili🤣 ýerleşdi. Liderleriň üçlügini gyzyl ýürejik ❤ jemleýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Şeýle-de, ulanyjylaryň sanly aragatnaşykda ulanýan iň meşhur şekiljikleriniň onlugyna şular girdi:

  • 🙏 seplenen eller;
  • 😭 aglaýan ýüz;
  • 😍 ýürejik gözli ýylgyrýan ýüz;
  • ✨️ ýalpyldamalar;
  • 🔥 ot;
  • 😊 ýylgyrýan gözli ýylgyrýan ýüz;
  • 🥰 ýürejikli ýylgyrýan ýüz.

Usa Today portalynyň belleýşi ýaly, umuman alanyňda, adamlar her gün 10 milliarddan gowrak smaýlik iberýärler. Bu her minutda tas 7 million smaýlikdir. Öň, standartlaşdyrylan emoji toplumlaryny işläp düzmäge jogap berýän Unicode täjirçilik däl guramasy internet ulanyjylaryň 92%-iniň emoji ulanýandygyny aýdypdy.
Emoji - elektron habarlarda ulanylýan alamatlar, nyşanlar we piktogrammalar. Bu pikiri ýa-da hal-ýagdaýy söz bilen däl-de, suratyň üsti bilen bermegiň ýa-da emosional äheňleri goýup, şeýle görnüşde tekst habarynyň üstüni ýetirmegiň usulydyr. Emoji sosial ulgamlarda we messenjerlerde işjeň ulanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.