Russiýa 11-nji awgustda täze taryhynda ilkinji gezek Aýa kosmos stansiýasyny uçurar

10.08.2023, 09:129,176

Russiýa Aýa kosmos stansiýasyny iberýär, bu onuň Sowet soýuzy dargandan soňky taryhynda ilkinjisidir.

Ýokarky “Fregat” basgançakly we “Luna-25” awtomat stansiýaly “Soýuz” göteriji raketany 11-nji awgustda Amur oblastyndaky Wostoçnyý kosmodromyndan uçurmak meýilleşdirilýär.
"Luna-25" Ýeriň tebigy hemrasynyň Günorta polýusyna gonjak ilkinji stansiýa bolmaly. Apparatyň esasy wezipesi - ýumşak gonmak tehnologiýasyny ösdürmek.
Stansiýa toprak nusgalaryny ýygnamaly we seljermeli, şeýle hem gonuş meýdanyny gözden geçirmeli bolar.
Ýurduň stansiýasy soňky gezek Aýa 1976-njy ýylda uçurylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.