Hazar deňzinde balygyň täze iki görnüşi tapyldy

Şu gün, 18:561,018
1 / 2

Alymlar Hazar deňzinde maňňalça balyklarynyň täze görnüşlerini ýüze çykardylar. Bu açyş barada Russiýanyň ylym gaznasynyň (RNF) metbugat gullugy habar berdi.

Bu balyklaryň öň näbelli bolan görnüşleriniň birine hazar uly kellelijesi (Benthophiloides caspius) diýip at berildi. Ol Gazagystanyň we Azerbaýjanyň kenarýakalarynda tutuldy — häzirki wagtda bu balygyň jemi iki sanysy tapyldy.

Beýleki tapylan täze görnüşe skif mermer-maňňalçasy (Proterorhinus scythicus) diýlen at dakyldy. Ony alymlar Russiýada — Wolga derýasynyň deltasynda we Gündogar Manyç derýasynda tapdylar.

Bu açyş genetiki seljermeleriň kömegi bilen amala aşyryldy. DNT-nyň «kodlary okalandan» soň, Hazar deňzinde uly kellelijeleriň iki däl-de, eýsem üç görnüşiniň ýaşaýandygy, Hazaryň basseýninde bolsa mermer-maňňalçalaryň alty däl-de, azyndan ýedi görnüşiniň bardygy anyklandy.

Skif mermer-maňňalçalarynda Gara deňizdäki garyndaşlary bilen genetik we morfologik baglanyşyk ýüze çykaryldy. Bu bolsa, takmynan, 2,1 million ýyl ozal Gara deňiz bilen Hazar deňziniň bitewi bir suw ulgamy bolandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Hut şonuň üçin hem bu görnüşe Gara deňziň boýlarynda ýaşan gadymy ilatyň hormatyna «skif» ady dakyldy.