Ronaldu «Al-Nasr» bilen ilkinji kubogyny gazandy

13.08.2023, 15:4425,890

«Al-Nasr» futbol kluby Arap Çempionlar Kubogynyň final duşuşygynda goşmaça wagtdan soň «Al-Hilal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Saud Arabystanynyň Taif şäherinde geçirildi, klublaryň ikisi hem bu ýurduň çempionatynda oýnaýar.

Ýeňiji toparyň düzüminde gollaryň ikisini hem Kriştianu Ronaldu geçirdi (74-nji we 98-nji minutlar). «Al-Hilaldan» ýeke-täk goly Mikael geçirdi (51). 115-nji minutda Ronaldu dyzyndan şikes alandygy sebäpli çalşyryldy.
Ronaldu ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Hüjümçi alty oýunda alty gol geçirdi.
Portugaliýaly oýunçy karýerasyndaky 35-nji topar kubogyny aldy we 2021-nji ýylyň maý aýynda “Ýuwentusyň” düzüminde Italiýanyň Kubogynda ýeňiş gazanany bäri ilkinji kubogyny aldy.
"Al-Nasr" taryhda ilkinji gezek Arap Çempionlar Kubogynda 
ýeňiş gazandy.
Arap Çempionlar Kubogy 
1981-nji ýyldan bäri geçirilýär. Geçen ýaryşyň ýeňijisi häzirki bäsleşigiň çärýek finalynda "Al-Nasr"-dan utulan (1: 3) marokkoly "Raja" bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.