Disney Rapunsel hakynda film çykarmagy meýilleşdirýär

15.08.2023, 10:226,028

«Disney» studiýasy Rapunsel hakyndaky multfilm esasynda gaýtadan işlenen filmi surata düşürmegi meýilleşdirýär. Filmde baş keşbi janlandyrmak üçin Kristofer Nolanyň «Oppengeýmer» filminde Jin Tatlogyk keşbini ýerine ýetirýän angliýaly aktrisa Florens Pýu göz öňünde tutulýar

Bellenilmegine görä, aktrisa studiýanyň bu teklibini ret edip biler, çünki ol teatr sahnalary bilen başagaý. Häzirki wagtda ol «Ledi Makbet», «Gudrat» we «Kiçijik zenanlar» ýaly spektakllarda oýnaýar.
Pýu we onuň wekilleri aktrisanyň «Rapunsel: Garyşyk taryh» atly animasion taslamanyň filme geçirilmegine gatnaşmagy baradaky habarlary teswirlemediler. Bu multfim 2010-njy ýylda çykypdy. Ol prokatda 592,5 million dollar ýygnamagy başardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.