Xiaomi örän berk Mix Fold 3 flagmanyny hödürledi

15.08.2023, 11:2110,116

Xiaomi kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýun eplenýän korpus gurluşly Xiaomi Mix Fold 3 flagman smartfonyny hödürledi.

Xiaomi Mix Fold 3-üň esasy artykmaçlyklarynyň biri – Leica Summicron optikasydyr. Smartfonyň jemi dört kamerasy bar.
Szýun gurluşyň ygtybarlylyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek örän berk şarnirlere aýratyn ünsi çekdi. Bu mehanizm polatdan we keramikadan ýasaldy. Fold 3 korpusyň 500 müňden hem köp gezek açylyp-ýapylmagyna çydap biler. Şarnirleriň kömegi bilen kiçijik galyňlygy almak mümkin boldy – eplenen ýagdaýynda gajetiň korpusynyň ini bary-ýogy 96 mm bolar.
Szýunyň aýtmagyna görä, Xiaomi Mix Fold 3 öz segmentinde iň gowy displeýe eýe boldy. Ol suratyň hilini Apple iPad mini bilen deňeşdirdi. Esasy ekrany 8,03 dýuýmlyk AMOLED bolup, üýtgeşik ýagtylyga eýedir – 2600 nit.
Smartfon iň kuwwatly we iň gymmat Android operasion sistemaly gurluşlar üçin döredilen täze nesliň Snapdragon 8 Gen 2 prosessoryna eýe boldy. Mundan başga-da, smartfon 5G torlaryny göterýär. Modelde umumy sygymy 4800 mA/s bolan iki batareýa ulanyldy. 67 Wt çalt zarýad bermek mümkinçiligi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.