Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Okeanologiýa institutynyň alymlary 1996-njy ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda Hazar deňziniň meýdanynyň 7,4% ýa-da 28 644 inedördül kilometr azalandygyny anyklady. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.
Gözegçilik edijileriň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň suwunyň derejesi 1995-nji ýyldan bäri her ýylda ortaça 10 santimetr töweregi peselýär. Bu döwrüň içinde suwuň derejesi tas üç metr aşak düşdi.
Deňziň derejesiniň peselmegi eýýäm Wolga-Hazar gämi gatnawy kanalynyň we Hazar basseýniniň portlarynyň ýalpaklaşmagyna getirdi, bu bolsa gämi gatnawyny kynlaşdyrýar. Mundan başga-da, kenaryň çägi ilatly nokatlardan yza çekilýär.
Üstesine-de, ýalpaklaşma depgini barha çaltlaşýar diýip, barlagyň esasy awtory, institutyň baş ylmy işgäri Andreý Kostýanoý belleýär. Eger 2005–2019-njy ýyllarda deňziň derejesi ýylda ortaça 8,16 santimetr peselen bolsa, 2020–2024-nji ýyllarda bu görkeziji 22,7 santimetre çenli ýokarlandy.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, XXI asyryň ahyryna çenli Hazar deňziniň derejesi ýene-de 2–21 metr aralygynda peselip biler.