Türkmenistanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topar 65-nji mejlise ýygnandy

Düýn, 08:145,553

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň dowamynda toparyň 2026-njy ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda, ýylyň ilkinji alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi. Şeýle-de, gatnaşyjylar oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ekologiýa Sammiti bilen bagly resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Mejlisiň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak babatdaky halkara konwensiýalarynyň ençemesine goşulmak bilen, Türkmenistan durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Şeýle-de, mejlisde her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri we olaryň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda toparyň işini ylmy esasda kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek baradaky meselelere aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.