Aşgabatda Hazar deňziniň ekologik ýagdaýy boýunça okuw maslahaty öz işine başlady

Düýn, 17:481,238
1 / 2

Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň we Halkara okean institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabryna çenli dowam eder.

Türkmenistanyň DIM-inde habar berlişi ýaly, açylyş dabarasynda halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Halkara okean institutynyň ýerine ýetiriji direktory Antonella Wassallo we beýleki öňdebaryjy bilermenler çykyş etdi.

Okuw maslahatynda Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna, suwuň çekilmegi bilen bagly meselelere we halkara deňiz hukugyna aýratyn üns berilýär.

2013-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu maksatnamanyň dowamynda Hazarýaka döwletlerden we Hytaýdan 175 hünärmen okuw geçdi.

Şeýle hem çärede Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilip, 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan edýän Kararnamanyň möhüm ähmiýeti barada gürrüň edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.