«Luna-25» Aýyň orbitasyna girdi

17.08.2023, 19:009,618

Roskosmosyň metbugat gullugy žurnalistlere "Luna-25" awtomat stansiýasy Ýeriň tebigy hemrasynyň orbitasyna girdi, munuň üçin onuň hereketlendirijileri iki gezek işledildi diýip habar berdi.

"A.A.Lawoçkin adyndaky Ylmy-önümçilik birleşiginde (“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň düzümine girýär) döredilen “Luna-25” awtomat stansiýasy Aýyň emeli hemrasynyň orbitasyna girdi" – diýip, döwlet korporasiýasynda bellediler.

Birinji işletme Moskwa wagty 11:57-de düzediş tormoz hereketlendirijisi bilen amala aşyryldy, ol 243 sekunt, ikinjisi - ýumşak gonuş hereketlendirijileri bilen 76 sekunt dowam etdi. Roskosmosda: "Russiýanyň häzirki taryhynda ilkinji gezek Aýyň emeli hemrasynyň orbitasyna Moskwa wagty bilen sagat 12:03-de awtomatiki stansiýa çykaryldy" – diýip habar berdiler we  "Luna-25"-iň ulgamlarynyň talaba laýyk işleýändigini, enjam bilen aragatnaşygyň durnuklydygyny aýtdylar.
Döwlet korporasiýasy nawigasiýanyň parametrleriniň ölçelýändigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.