Neýmar Saud Arabystanynda 25 otagly aýratyn jaý we dokuz awtomobil aldy

18.08.2023, 16:4733,811

Braziliýaly hüjümçi Neýmaryň Fransiýanyň “PSŽ” klubundan “Al-Hilýal” saud klubuna geçmek bilen razylaşan şertleri barada jikme-jik maglumatlar belli boldy. Bu barada El Partidazo de COPE-niň “twitteri” habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Neýmar basseýni we üç saunany öz içine alýan 25 otagly aýratyn jaýa eýe bolar. Şeýle-de, Neýmar dokuz sany dürli awtoulaga bil baglap biler, braziliýaly futbolçynyň myhmanhanalardaky, restoranlardaky we gezelençlerdäki ähli tölegleri klub tarapyndan tölener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.