Özbegistanda 60-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda Etnosport sammiti geçiriler

19.08.2023, 13:478,724

Özbegistanda «Miras bilen baglanyşdyrylan, etnosport bilen birleşdirilen" mowzugy boýunça etnosport sammiti geçiriler. Bu barada Trend agentligi habar berýär. 

Köp ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşjak sammiti 8-nji sentýabrda Hywada geçiriler.
Bütindünýä etnosport konfederasiýasy döredileni bäri, dünýäde sportuň däp bolan görnüşlerini giňeltmekligiň üstünde işleýär.
Sammite konfederasiýanyň 24 agzasynyň wekilleri, şeýle hem döwlet işgärleri, federasiýalaryň wekilleri we 60-dan gowrak ýurtdan alymlar gatnaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.