MMA boýunça türkmen söweşijisi Abdylla Babaýew Minskiň Sport köşgünde geçirilen BetCity Fight Nights 140 ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Ýeňil agram derejesindäki tutluşykda ol Özbegistanyň wekili Hindolbek Burijonowdan tehniki nokaut bilen üstün çykdy.
Tutluşygyň netijesine köp garaşmaly bolmady: Babaýew ilkinji sekuntlardan başlangyjy öz eline aldy we eýýäm birinji raundda (1:44) takyk urgular bilen söweşi tamamlady. Bu ýeňişden soň türkmen söweşijisiniň professional rekordy 6 ýeňişden we bir ýeňlişden ybarat.
Fight Nights 140 ýaryşynyň esasy wakasy bolsa ýarym ýeňil agram derejesinde gran-priniň ýarym final söweşi boldy. Tutluşykda belarus söweşijisi Artýom Baçun üç raundyň netijesi boýunça eminleriň çözgüdi bilen russiýaly Abdulmutalib Gaýirbegowy ýeňdi.
Abdylla Babaýew — söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, Dünýä kubogynyň üç gezek eýesi, şeýle hem pankration boýunça dünýäniň we Aziýanyň çempiony.