Özbegistanyň ýygyndysy Bütindünýä küşt olimpiadasynda ikinji gezek ýeňiji boldy

Şu gün, 18:531,582

Özbegistanyň küşt boýunça ýygyndysy Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda 19 utuk toplap, altyn medallara eýe boldy. Bu Özbegistanyň milli ýygyndysynyň Olimpiadadaky ikinji ýeňşidir.

Ilkinji gezek olar 2022-nji ýylda Hindistanyň Çennai şäherinde geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanypdylar.

Özbegistanly küştçüler ýaryşy yzly-yzyna ýedi ýeňiş bilen başlady. Şolaryň arasynda esasy bäsdeşleriniň biri bolan Hindistanyň ýygyndysyny 2,5:1,5 hasabynda, Hytaýyň ýygyndysyny bolsa 3:1 hasabynda ýeňdi. Sekizinji tapgyrda ýer eýeleriniň garaşylmadyk ýagdaýda Germaniýanyň ýygyndysyndan ýeňilmekleri, birinjilik ugrundaky göreşiň has-da çekeleşikli geçmegine sebäp boldy.

Şondan soň Özbegistanyň ýygyndysy reýtingde birinji orny eýeleýän ABŞ-nyň toparyny 2,5:1,5 hasabynda ýeňdi. Soňky tapgyrda topar Ermenistanyň ýygyndysyndan 3,5:0,5 hasabynda üstün çykdy. Jemleýji tapgyrda Özbegistan Ukrainanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, ýene-de ýeňiş gazandy. Toparyň ýeňşini üpjün eden aýgytly netijäni dördünji tagtada Muhiddin Madaminow gazandy. Ol Roman Degtýarýowy ýeňdi.

Çempion bolan Özbegistanyň ýygyndysynyň düzüminde Jawohir Sindarow, Nodirbek Abdusattorow, Nodirbek Ýakubboýew, Şamsiddin Wohidow we Muhiddin Madaminow çykyş etdi. Toparyň kapitany Rustam Kasymjanow boldy. Häzirki düzümde çykyş edýän küştçüleriň dördüsi 2022-nji ýylda hem olimpiýa çempiony bolupdy. 2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen Olimpiadada bolsa Özbegistanyň küştçüleri bürünç medal gazanyp, baýrakly orunlaryň birini eýeledi.

Hindistanyň ýygyndysy ikinji, Germaniýanyň ýygyndysy bolsa üçünji orny eýeledi. Iki topar hem 18 utuk toplady.

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndysy ýeňiji boldy.