UEFA Ýewropanyň Superkubogynyň formatyny üýtgetmegi mümkin

19.08.2023, 08:499,928

Iňlis “Mançester Sitisi” bilen Ispaniýanyň “Sewilýasynyň” (1:1, jerime urgulary - 5:4) arasyndaky Ýewropanyň Superkubogy ugrundaky final oýny bu formatda oýnalan iň soňky oýun bolmagy mümkin. UEFA ýaryşy özgertmegiň pikirini edýär.

Futbolyň ýolbaşçylarynyň esasy islegi ýaryşyň formatyny giňeltmek, sebäbi geçen möwsümden bäri «Köne Dünýäde» iki däl-de, üç yklym kubogy oýnalýar: Çempionlar ligasy bilen Ýewropa ligasynyň üstüne Konferensiýalar ligasy hem goşuldy.
Adatça, Superkubok ugrunda ilkinji iki ýaryşyň ýeňijileri bäsleşýärdiler, ýöne üçünji möhüm yklym kubogynyň eýesine hem gatnaşmaga rugsat bermek dogry bolardy. Şeýlelik-de, Calcio e Finanza neşiriniň habar bermegine görä, indiki ýyldan başlap ýaryş Dörtleriň finaly görnüşinde geçirilip bilner.
Şol bir wagtyň özünde, täzelenen Superkuboga Ýewropa ýaryşlarynyň üç ýeňijisinden gaýry ýene kimiň gatnaşyp biljekdigi aýdyňlaşdyrylmady. Bilermenleriň aýtmagyna görä, onuň  Çempionlar ligasynyň finalçysy bolmagy ähtimal. Şeýle-de bolsa, entek UEFA ýaryşyň täze formatynyň hiç hili  taslamasyny köpçülige mälim etmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.