«Çandraýan-3» Aýa gonandan soň düşüren ilkinji suratyny iberdi

24.08.2023, 14:1517,473

Kosmos barlaglarynyň hindi guramasy (ISRO) «Çandraýan-3» Aý missiýasy tarapyndan Aýyň Günorta polýusynda gonandan soň, Aý üstüniň ilkinji fotosuratyny ýaýratdy. Bu barada edaranyň X-däki sahypasynda (öňki Twitter) habar berildi.

"Gonandan soň, kamera alnan surat. Onda «Çandraýan-3» stansiýasynyň gonan ýeriniň bir bölegi görkezilýär. Şeýle hem mehaniki aýak we onuň kölegesi görünýär. «Çandraýan-3» Aý üstüniň degişlilikde tekiz bölegini saýlap aldy»- diýlip, ISRO-nyň habarynda aýdylýar.

Suratda birnäçe uly bolmadyk kraterleri saýgaryp bolýar. «Çandraýan-3» stansiýasynyň «Wikram» gonuş moduly Ýeriň tebigy hemrasyna 26 kilogramlyk lunohodyny ýetirdi. 
Hindistan ABŞ-dan, SSSR-den we Hytaýdan soň Aýda ýumşak gonuşy üstünlikli amala aşyran dördünji ýurt boldy. Şeýle hem Hindistan Aýyň Günorta polýusynda ýumşak gonuşy amala aşyran ilkinji döwlet boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.