Aşgabatda G.Kuliýew köçesi bilen «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyny birleşdirjek köpri gurlar

30.08.2023, 11:1525,649

Aşgabat şäheriniň demirgazyk – günbatarynda G.Kuliýew köçesi bilen «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýan ýoluň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsi gurlar. Bu boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigini yglan etdi.

Aşgabadyň täze we iri ýaşaýyş toplumynyň 1-nji we 2-nji tapgyrlaryna barýan ýoluň ugrunda derýa üstünde köpri ozal gurlupdy. Häzirki wagtda bu toplumyň günbatar tarapynda täze tapgyryň gurluşygynyň alnyp barylýandygy üçin bu ýerde toplum üçin ýol-ulag düzümini döretmek zerur bolup durýar.
Gyzyklanma bildirýän taraplar gurluşyk boýunça özleriniň haýyşnamalaryny we tekliplerini ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligine 10-njy oktýabra çenli tabşyryp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-6444-46-77.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.