«Esasy sebäp» HK gozgalmaýan emläk bilen bagly resminamalary tiz wagtda resmileşdirip berýär

31.08.2023, 18:5353,576
1 / 2

«Esasy sebäp» hususy kärhanasy gozgalmaýan emläk bilen bagly dürli meseleler boýunça ygtybarly hem tiz hyzmatlaryny hödürleýär.

Hususy kärhana gozgalmaýan emlägiň ähli görnüşlerini — jaýlary, öýleri (kwartiralary), ofisleri satyn almak we satmak, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak, kärendä bermek, islendik çylşyrymlylykdaky resminamalary resmileşdirmek bilen meşgullanýar.
Mundan başga-da, «Esasy Sebäp» gozgalmaýan emläk üçin resminamalary (patentler, ýitirilen resminamalary dikeltmek, ada geçirmeleri, wesýetleri we miraslary) resmileşdirmek meseleleri boýunça maslahat berýär, şeýle hem ähli görnüşli ýaşaýyş we iş jaýlaryny abatlamak işlerini ýerine ýetirýär.
Ähli hyzmatlar gysga wagtyň içinde we elýeterli bahalarda öňünden töleg geçirilmezden, nagt däl tölegler bilen hödürlenýär.

Salgysy: Aşgabat, köç. Parahat 7/2 (Mir), 6-njy bina.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+99365 67-20-55
Instagram: esasy_sebap_ashgabat

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.