3-nji sentýabrda Ýere magnit hadysasy aralaşar

02.09.2023, 10:1118,610

2023-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Ýere magnit hadysasy aralaşar.

Bu barada Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, magnit hadysasy mümkin bolan 9 baldan 5 bala ýeter.
Alymlaryň bellemegine görä, geomagnit tolgunmalary ýekşenbe gününe geçilýän gije başlanar, irden 5 bal derejä ýeter we şondan soň peselip başlar.
Magnit hadysasynyň bu täsiri aşa güýçli hasaplanylmaýar. Emma, muňa garamazdan, magnit täsirine garaşly adamlara saglyk ýagdaýyna gözegçiligi ünsden düşürmezlik maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.