37 ýaşly Serhio Ramos «Sewilýa» klubuna geçdi

05.09.2023, 15:5610,026

«Sewilýa» "Realyň" we «PSŽ-niň» öňki goragçysy Serhio Ramos bilen şertnama baglanyşdy. Bu barada ispan klubunyň metbugat gullugy habar berýär.

Ramos 18 ýyldan soň ilki çykyş eden klubuna dolanyp geldi. Goragçy 2005-nji ýylda «Sewilýadan» Madridiň «Realyna» geçipdi.
Bellenilişi ýaly, futbolçy aýlygynyň ep-esli azaldylmagyna razy bolupdyr. Taraplar bir möwsümlik şertnama gol çekişdiler. «Sewilýanyň» ýolbaşçylygy Ramos «Al-Ittihad» saud kluby bilen deslapdan ylalaşandan soň ony öz tarapyna çekmegi başarypdyrlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.