Fýodor Ýemelýanenko Taýsona garşy göreşmek üçin gepleşikleri alyp barýar

05.09.2023, 21:5938,321

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko absolýut dünýä çempiony, amerikaly Maýk Taýson bilen boks tutluşygy barada gepleşik geçirýär. Ýemelýanenkonyň topardaşy Wadim Nemkow bu barada TASS-a gürrüň berdi.

Nemkow: "Taýson Taýson bolýar, ol boksyň ady  rowaýata öwrülen gahrymany, onuň bilen tutluşmak islendik ýaşda-da howply. Fýodor üçin bu täze çagyryş, bu tötänlik däl” - diýdi.
“Şeýle elliklerde nokaut etmek has kyn we iki sany rowaýaty türgen söweşende boksuň gözelligini göreris. 10 ýyldan soň adamlar ýazgylara tomaşa ederler, biziň bolsa  hakyky özlerini görüp, tomaşa etmäge mümkinçiligimiz bolar. Ýöne meniň bilşimçe häzir gepleşikler dowam edýär "- diýip, agentligiň wekili onuň sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýemelýanenko 46 ýaşynda, garyşyk söweş sungatynda (MMA) 40 ýeňiş gazandy we 7 ýeňlişi bar, bir söweşi bolsa hasaba alynmady. Ol Pride, Rings we WAMMA guramalarynyň öňki çempiony, dört gezek dünýä çempiony we söweş sambosynda dokuz gezek Russiýanyň çempiony. Häzirki wagtda Ýemelýanenko Russiýanyň MMA bileleşigine ýolbaşçylyk edýär.
Taýson 57 ýaşynda, professional ýaryşda 50 ýeňiş gazandy (44 nokaut bilen), 6 ýeňlişi bar. Amerikaly türgen agyr agram derejesi boýunça dünýäniň absolýut çempiony boldy, Bütindünýä boks geňeşiniň, Bütindünýä boks birleşiginiň we Halkara boks federasiýasynyň guşaklarynyň eýesi boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.