Ikardi dünýäniň iň gymmat awtoulagyny satyn aldy

07.09.2023, 18:5235,478

Türkiýäniň «Galatasaraý» futbol toparynyň hüjümçisi Mauro Ikardi dünýäniň iň gymmat awtoulagyny satyn aldy. Bu barada «Daily Mail» habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, argentinaly futbolçy häzirki wagtda üç nusgada çykarylan «Rolls-Royce» ulagyny satyn aldy. Awtoulagyň bahasy 26 million ýewro deňdir. Onuň beýleki iki nusgasynyň Jeý-Z we Beýonse tarapyndan satyn alnandygy bellenilýär.
Ikardi 2023-nji ýylyň tomsunda «Galatasaraýyň» düzümine geçdi. Ol toparyň düzüminde Türkiýäniň çempiony boldy. Şeýle hem futbolçy «PSŽ» bilen iki gezek Fransiýanyň çempionatynda ýeňiji bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.