Saud Arabystany transfer bazarynda ikinji iri oýunçy boldy

12.09.2023, 13:2118,138

Saud Arabystany tomusky transfer penjiresiniň jemi boýunça dünýäniň futbol bazarynda ikinji möhüm oýunçy boldy. Bu barada Transfermarkt portalyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Saud Arabystanynda 7-nji sentýabrda tamamlanan tomusky transfer döwründe ýerli liganyň klublary tarapyndan 954 mln ýewro sarp edildi. Bu dünýäde Angliýanyň Premýer-ligasyndan (2,81 mlrd ýewro) soň ikinji görkezijidir. Ilkinji bäşlige Fransiýanyň (899 mln), Italiýanyň (855 mln) we Germaniýanyň (748 mln) çempionatlary hem goşuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.