«Al-Feýha» saud kluby «Ahal» bilen duşuşmak üçin Aşgabada geldi

18.09.2023, 15:3436,381
1 / 3

Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynda "A" toparçada çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» kluby ýurdumyzyň "Ahal" topary bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geldi.

Saud Arabystanynyň El-Majmaa şäheriniň topary Aşgabada gelen dessine "Aşgabat" stadionynda türgenleşik geçmäge başlady.
Bu ýerde Saud Arabystanynyň we ýurdumyzyň futbol toparlary ertir - 19-njy sentýabrda sagat 21:00-da duşuşarlar. Bu stadionda "Ahal" topary toparlaýyn ýaryşlaryň çäklerinde, Özbegistanyň "Pahtakor", Birleşen Arap Emirlikleriniň "Al-Aýn" toparlaryny hem geljekde kabul eder.
AFK-nyň iň naýbaşy futbol ýygyndylary 18-nji sentýabrdan - 13-nji dekabra çenli toparlaýyn duşuşyklary geçirerler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.