Oktýabrda Türkmenistanda Abu Aly ibn Sina bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

23.09.2023, 08:524,790

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda ýurdumyzda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda 11-nji oktýabrda guralmagy meýilleşdirilýän utgaşykly görnüşdäki foruma ýurdumyzyň hünärmenleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, Abu Aly ibn Sinanyň köptaraply mirasyny, bitiren hyzmatlaryny açyp görkezmek babatda ähmiýeti örän uly bolar. Foruma gatnaşyjylar «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.