Çaga näme üçin programmirlemegi öwretmeli? KiberONE muny ene-atalara düşündirmek üçin MUGT sapak geçirýär

25.09.2023, 14:01103,604

Programmirleme, emeli aň, saýt döretmek, çat-botlary... soňky wagtlarda bu iň ýygy-ýygydan eşidilýän sözlere öwrüldi. Häzirki zaman dünýäsi her bir adamyň bu düşünjelerden belli bir derejede habarly bolmagyny talap edýär. Bu bilimleri çaga öwretmek bolsa her bir ene-ata üçin çagasynyň geljegine goýýan amatly maýa goýumydyr. Galyberse-de ýakynda habar berşimiz ýaly, programmirleme aýlygy 100 müň dollardan geçýän dünýäde iň gereklenýän hünärleriň sanawynda birinji ýerde durýar.

6-16 ýaş aralygyndaky çagalara bu ugurda hyzmatlaryny hödürleýän KiberONE halkara mekdebi okuwda öwredýän bilimlerini ene-atalara tanyşdyrmak üçin MUGT tanyşlyk sapagyny geçirýär. Tanyşlyk sapagyna isleg bildirýän ene-atalaryň ählisi gatnaşyp biler.
Tanyşlyk sapagy 30-njy SENTÝABRDA geçiriler:

  • 12:00-13:00, 6-9 ýaş. Temasy: MinecraftEducation, Scratch, Piktomir
  • 13:00-14:00, 10-13 ýaş. Temasy: GameDev
  • 14:00-15:00, 14+ ýaş. Temasy: HTML/CSS, Python

Mugt tanyşlyk sapagyna gatnaşmak üçin aşakdaky telefon belgileri bilen habarşyp bilersiňiz!
KiberONE halkara mekdebi barada has giňişleýin maglumaty Instagram sahypasyndan alyp bilersiňiz. 

Instagram: @kiberonetm
Telefon:
+99362206419;
+99363 63-91-92;
+993 62 52-56-38

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.