Hyundai we Kia ýangyn töwekgelçiligi sebäpli ABŞ-da 3,4 milliona golaý awtoulagyny yzyna ýygnar

29.09.2023, 15:269,720

Günorta Koreýanyň Hyundai Motor we Kia kompaniýalarynyň amerikan bölümleri hereketlendiriji bölüminde ýangyn töwekgelçiliginiň barlygy sebäpli takmynan 3,4 million ulagy yzyna çagyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli awtoulag ýollarynyň hereket howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) iberen habarynda aýdylýar.

Gürrüň, Genesis sport kupelerini hem öz içine almak bilen, takmynan, 1,64 million Hyundai awtoulagy we 2010-2017-nji ýyllar aralygynda goýberilen 1,73 million Kia awtoulagy barada gidýär.
NHTSA-nyň bellemegine görä, gulplanma garşy tormoz ulgamynda tormoz suwuklygynyň syzmagy gysga utgaşmanyň döremegine sebäp bolup biler, bu bolsa ulag hereketde wagty ýa-da durka ýangyn döremek töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Awtoulag eýelerine awtoulaglaryny ýaşaýyş jaýlaryndan we beýleki binalardan uzakda köçede goýmak maslahat berilýär.
Bölümiň beýannamasynda Hyundai-ýa we Kia bu kemçilik bilen baglanyşykly ýüze çykan ýol heläkçiligi, şikeslenme ýa-da ölüm barada hiç hili habar  gelip gowuşmady diýilýär. Şol bir wagtyň özünde olar 25 ýangyny bellige aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.