Realme iPhone 15 Pro Max-yňky ýaly kamerasy bolan arzan smartfon öndürer

01.10.2023, 23:4410,292

«Realme» şu ýyl periskop kameralary bolan flagman we orta arzanlykdaky smartfonlary hödürlemegi meýilleşdirýär diýip, «Gizchina» portaly habar berdi.

Ilkinji smartfon köpden bäri tanalýar – bu «Realme GT5 Pro» flagmany, ol optiki ýakynlaşdyrma kamerasyndan başga-da, «Snapdragon 8 Gen 3» çipi bilen üpjün ediler diýlip bellenilýär.
Ikinji enjam «Realme 12 Pro+» bolup biler, onuň çak edilýän şekili internetde peýda bolupdy. Çünki onuň dizaýnynyň, arka paneliniň şekiliniň hem-de tegelek kamera blogynyň «Realme 11 Pro-da» ulanylanlara meňzeşdigi aýdylýar.
Sentýabr aýynyň ortalarynda Realme: «Diňe Max-da zum mümkinçiligi ýok» diýen mahabat bannerini çap etdi. Şeýlelikde, kompaniýa öz smartfonynyň «iPhone 15 Pro Max-daky» ýaly şekilleri optiki taýdan ýakynlaşdyryp biljekdigine yşarat etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.