Hytaýyň Hançžou şäherinde 2023-nji ýylyň Aziýa oýunlary tamamlandy

09.10.2023, 21:147,759

Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen 2023-nji ýylyň XIX Aziýa oýunlary tamamlandy.

Ýaryşyň absolýut lideri ony geçiren Hytaý boldy: ýurt 383 medal gazandy: 201 altyn, 111 kümüş we 71 bürünç. Medal sanawynda ikinji orunda Ýaponiýanyň milli ýygyndysy ýerleşdi – onuň hasabynda 188 medal bar: 52 altyn, 67 kümüş we 69 bürünç. Ýaryşyň iň gowy toparlarynyň üçlügini Günorta Koreýa jemleýär – 190 medal: 42 altyn, 59 kümüş we 89 bürünç.
Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokary orny Özbegistan eýeleýär – 5-nji orun (71 medal; 22-18-31). Soňra Gazagystan – 11-nji orun (80 medal; 10-22-48), Gyrgyzystan – 18-nji orun (15 medal; 4-2-9), Täjigistan – 24-nji orun (7 medal; 2-1-4) we Türkmenistan – 29-njy orun (7 medal; 0-1-6) gelýär.

Aziada – 2023-üň medal sanawynyň ilkinji onlugy:

  1. Hytaý – 201-111-71 (383);
  2. Ýaponiýa – 52-67-69 (188);
  3. Günorta Koreýa – 42-59-89 (190);
  4. Hindistan – 28-38-41 (107);
  5. Özbegistan – 22-18-31 (71);
  6. Taýwan – 19-20-28 (67);
  7. Eýran – 13-21-20 (54);
  8. Tailand – 12-14-32 (58);
  9. Bahreýn – 12-3-5 (20);
  10. Demirgazyk Koreýa – 11-18-10 (39).

Ýatlap geçsek, Hançžoudaky Aziýa oýunlary 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda dowam etdi. Oýunlara Aziýanyň 45 ýurdundan 15 müň türgen gatnaşdy. Oýunlarda sportuň 40 görnüşinde 481 medal toplumy berildi.
Türkmen türgenleri sportuň basketbol 3x3, boks, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş göreşi, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu ýaly görnüşlerinde çykyş etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.