Aýyjyk Paddington baradaky trikweliň soňky bölüminiň çykjak senesi belli boldy

24.10.2023, 17:383,687

Sony kompaniýasy “Paddington Peruda” filminiň global premýerasynyň 2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda boljakdygyny yglan etdi. Bu barada Deadline neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Beýik Britaniýada lenta bu möhletden iki aý öň – 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda çykar.
Sýužet aýyjyk Paddingtonyň gowy görýän daýzasy Lýusini görmek üçin Peru gidişi barada gürrüň berýär. Ol indi aýylar üçin garrylar öýünde ýaşaýar. Geljekki filmde Paddington Braunlar maşgalasy bilen Latyn Amerikasyna ugrar.
Üçünji bölümiň režissýory hökmünde Dagal Uilson çykyş etdi. Aktýorlar düzümine Hýu Bonnewill, Emili Mortimer, Antonio Banderas, Oliwiýa Kolman, Juli Uolter we beýlekiler girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.