AFK Çempionlar ligasynda «Ahal» FK özbekleriň «Pahtakoryndan» ýeňildi

24.10.2023, 22:4216,493

AFK Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyr duşuşygynda «Ahal» futbol kluby özbekleriň «Pahtakoryndan» ýeňildi.

Daşkentde «Bunedkör» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy.
23-nji minutda Erkinow hasaby açdy. Dört minut soňra Turgunboýew toparynyň ikinji goluny geçirdi, 59-njy minutda bolsa dubl etdi.
Şeýlelikde, Daşkent kluby şu ýaryşda ilkinji ýeňşini gazanyp, ilkinji üç utugyny gazandy. «Ahalyň» hasabynda hem 3 utuk bar (birinji tapgyrda «Al-Faýha» saud klubuny ýeňdi).
Belläp geçsek, şu gün, 24-nji oktýabrda «Al-Faýha» «A» toparyň lideri «Al-Aýn» (6 utuk) bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.