ESPN: Fýuri bilen Usikiň söweşi 2024-nji ýylyň fewral aýynda bolar

02.11.2023, 12:1611,713

Britaniýaly Taýson Fýuri we ukrainaly pälwan Aleksandr Usik fewral aýynda agyr agram derejesi boýunça absolýut çempion bolmak ugrunda göreşerler. Çeşmeleriň ESPN habarlar gullugyna beren habaryna görä, söweş Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda bolar.

Söweş ilkibaşda 23-nji dekabra meýilleşdirilipdi, ýöne bu senä Fýuriniň Frensis Ngannu bilen 28-nji oktýabrda Er-Riýadda bolup geçen soňky söweşi täsir etdi.
Şol söweşde iňlis söweşijisiniň maňlaýy we çep gözüniň ýokarsy çapyldy we üçünji tapgyrda nokdaun boldy. Bu onuň karýerasynda ýedinji nokdaun boldy. 35 ýaşly Fýuri ilkinji professional söweşinde UFC-niň öňki çempiony Ngannudan üstün çykdy.
36 ýaşly ukrainaly Usikde WBA-nyň, IBF-iň we WBO-nyň çempionlyk guşaklary bar. Karýerasynda 21 söweşde 21 ýeňiş gazandy, şolardan 14-si nokaut bilen. Fýuri WBC-niň titulynyň eýesi. Karýerasynda 35 söweş edip, bir deňlik bilen 34 ýeňiş gazandy (24 nokaut bilen).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.