Türkmenistanda iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektory täzelendi

10.11.2023, 22:3935,399

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewa bellendi.

Maral Kuliýewa mundan ozal, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinde işleýärdi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine bolsa, şol ýokary okuw mekdebiniň prorektory Maksat Çaryýew bellendi. Maksat Çaryýew Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.