Jon Uik hakynda anime surata düşüriler

15.11.2023, 10:317,649

Kianu Riwziň keşbini janlandyrýan gahrymany Jon Uik hakyndaky filmler tapgyry esasynda anime filmini surata düşürmek meýilleşdirilýär. Muny filmiň režissýory Çad Stahelski tassyklady.

«Men muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, sebäbi men ýapon animesiniň uly muşdagy. Anime hekaýany filmlerden ýa-da teleseriallardan has gowy görkezip bilýär» diýip, Stalheski gürrüň berdi.

Şeýle hem ol «Lionsgate» studiýasyndan «Jon Uik» teleserialyny döretmek barada teklip alandygyny aýtdy. Onuň üstünde Stalheskiniň özi işlär, täze keşpleri goşup, franşizanyň älemini giňelder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.