Enrico Marinelli indi Aşgabatda. Italýan modasynyň iň gowy egin-eşikleri ýurdumyzda satylyp başlandy

15.11.2023, 11:5513,492
1 / 3

Enrico Marinelli — bu italýan modasynyň iň gowy däplerinde ýerine ýetirilen ýokary hilli klassiki erkek egin-eşikleriniň brendidir. Brend önümlerini ilkinji gezek Aşgabada getirdi. Onuň egin-eşiklerini «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki RAMSEY dükanyndan alyp bolýar.

Enrico Marinelli brendiniň dükanlary Türkiýede, Russiýada, GDA ýurtlarynda, Günorta-gündogar ýurtlarynda, Ýakyn Gündogarda giňden ýaýrandyr. Bu günki gün bolsa italýan brendiniň önümleri Türkmenistanda hem hödürlenip başlandy.
Enrico Marinelli brendi güýz-gyş möwsümi üçin erkek egin-eşikleriniň tutuş toplumyny amatly bahadan hödürleýär. Hususan-da, dükanda penjekler, kurtkalar, kostýum-balaklaryň dürli görnüşleri, köýnekler we beýleki harytlar bar.
Ýurdumyza täze gelen belli italýan brendiniň önümleri bilen «Berkarar» SDAM-daky RAMSEY dükanynda ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

Salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty, RAMSEY dükany
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99361 64-41-18

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.