Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy geçiriler

17.11.2023, 23:3510,698

2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.
Halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň  gatnaşmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.