Fransiýa we ABŞ 2030-njy we 2034-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin ileri tutulýan dalaşgärlere boldy

30.11.2023, 15:512,473

Fransiýa we ABŞ-nyň degişlilikde 2030-njy we 2034-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlaryna beren arzalary Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) tarapyndan tassyklanan ýeke-täk arzalardyr. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

"Halkara olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji geňeşi 2030-njy we 2034-nji ýyllarda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýer eýeçiligini etmek üçin ileri tutulýan dalaşgärler hökmünde degişlilikde Fransiýany we Solt-Leýk-Sitini saýlaýar. Halkara olimpiýa komiteti indiki ýyl gutarnykly kararyň öňüsyrasynda iki ýurt bilenem maksada gönükdirilen gepleşik geçirer" – diýip habarda aýdylýar.

Ozal Şwesiýa we Şweýsariýa 2030-njy ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge isleg bildirýändiklerini mälim edipdiler. Halkara Olimpiýa komiteti Şweýsariýanyň teklibiniň 2038-nji ýyldaky Oýunlary geçirmek üçin artykmaç derejä eýe bolandygyny aýtdy.
2030-njy we 2034-nji ýyllaryň Olimpiýa oýunlaryna ýer eýelerini saýlamaklyk Parižde 2024-nji ýylda Oýunlar başlamazdan ozal Halkara Olimpiýa komitetinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.