Serhio Ramos goragçylaryň arasynda gollar boýunça Çempionlar ligasynyň rekordyny gaýtalady

30.11.2023, 20:467,166

Ispaniýanyň “Sewilýa” futbol klubunyň goragçysy Serhio Ramos Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň öz meýdançasyndaky oýnunda Niderlandlaryň PSW-siniň garşysyna bir gol geçirdi.

Ramos 24-nji minutda gol geçirdi. Ispaniýaly oýunçy Çempionlar ligasyndaky 16-njy goluny tora girizdi we goragçylaryň arasynda iň köp gol geçirmekde ýaryşyň rekordyny gaýtalady – şeýle netijäni eýýäm professional derejedäki çykyşlaryny tamamlan braziliýaly oýunçy Roberto Karlos bilen ispaniýaly oýunçy Žerar Pike gazanypdy.
“Sewilýa”-nyň oýunçysynyň goly Çempionlar ligasynyň taryhynda 10 000-nji boldy. Bu ýaryş 1992-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ilkinji goluň awtory Belgiýanyň “Brýugge” toparynyň düzüminde Moskwanyň SSKA-synyň derwezesine pökgi uran nigeriýaly hüjümçi Daniel Amokaçi boldy.
"Sewilýa" 37 ýaşly goragçy bilen bir möwsüm üçin gol çekişip, Ramosyň özlerine geçendigini sentýabr aýynda mälim etdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.