«Geljek üç ýylda emeli aň Joan Rouling ýaly gowy roman ýazyp biler». Mask emeli aňyň ösüş tizliginden howatyrlanýar

01.12.2023, 14:157,946

SpaceX-iň, Tesla-nyň we X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask emeli aňyň (AI) ösüş tizliginden howatyrlanýar. Ol muny The New York Times gazetiniň bir çäresinde aýtdy.

Ol: "AI babatynda ätiýaç edýändigim sebäpli ukusyzlykdan kösendim" - diýdi. Mask ýakyn üç ýylda AI-niň, mysal üçin, “Joan Rouling ýaly gowy roman ýazyp”, täze tehnologiýa döredip ýa-da fizikanyň täze bir bölümini açyp biljekdigini aýtdy.

Mask ozal emeli aňyň adamzadyň barlygyna howp bolup biljekdigini aýdypdy. Ol çalt ösýän tehnologiýany zyýanly tarapa-da, peýdaly tarapa-da ulanyp boljak "iki ýüzi hem ýiti gylyç" bilen deňeşdirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.