The Game Awards 2023: ýylyň iň gowy oýny Baldur’s Gate 3 boldy

08.12.2023, 18:215,519

The Game Awards 2023 dabarasynda “ýylyň oýny” yglan edildi. Ol, garaşylyşy ýaly, Baldur’s Gate 3 boldy. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Larian studiýasynyň bu taslamasy jemi alty nominasiýada baýraga eýe boldy – “Ýylyň oýny”, “Iň gowy keşpli oýun”, “Iň gowy multipleýer”, “Iň gowy jemgyýetçilik goldawy”, “Iň gowy aktýor oýny” (Astarionyň keşbi üçin Nil Nýubon) we “Oýunçylaryň saýlany”.
Şeýle-de, Alan Wake 2 oýny hem garaşylmadyk üstünlige eýe boldy. Max Payne seriýasyny döredijilerden bu oýun “Iň gowy art”, “Iň gowy režissura” we “Iň gowy beýan ediş” nominasiýalarynda baýraga eýe boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.