«Sewilýa» stadionyny ýykyp, täzesini gurmagy meýilleşdirýär

09.12.2023, 18:0711,604

Ispaniýanyň «Sewilýa» futbol kluby resmi web sahypasynda häzirki meýdançasy bolan «Ramon Sançes-Pishuanyň» ornunda gurulmagy meýilleşdirilýän täze stadionyň taslamasyny tanyşdyrdy.

Taslama duşenbe güni klubyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynda hödürlendi. Täze meýdança 1958-nji ýylda açylan köne stadion ýykylandan soň, öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly gurlar.
Täze stadionyň sygymynyň 55 müň orna çenli artdyrylmagyna, gereksiz basgançaklaryň aýrylmagyna we awtoulag duralgasynyň ep-esli giňelmegine garaşylýar. Soňky ýyllarda stadion takmynan 43 müň tomaşaçyny kabul edýärdi. Sport desgasynyň gurluşygynyň başlanjak takyk wagty kesgitlenmedi.
«Ramon Sançes-Pishuan» stadiony 1958-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda «Sewilýa» bilen «Real Haeniň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny bilen açyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.