Messi bilen Ronaldu 1-nji fewralda duşuşyp biler

13.12.2023, 06:3016,200

“Inter Maýami” futbol kluby Saud Arabystanynda möwsümden öňki oýunlary geçirjekdigini yglan etdi. Ol ýerde topar iki oýun geçirer. 29-njy ýanwarda “Inter Maýami” “Al-Hilýal” bilen duşuşar, 1-nji fewralda bolsa “Al-Nasr” bilen oýnar.

Şeýlelikde, 1-nji fewralda “Inter Maýamide” oýnaýan argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň “Al-Nasr” üçin çykyş edýän Kriştianu Ronaldu bilen duşuşyp biljekdigi bellärliklidir.

Messi 2023-nji ýylyň tomsundan bäri “Inter Maýamide” çykyş edýär. Onuň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenýär.

Ronaldu 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri “Al-Nasryň” oýunçysydyr. Onuň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli hereket edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.