35%-e çenli arzanlaşyk: «Ziver» erkek egin-eşikleri dükanynda baýramçylyk aksiýasy başlandy

12.12.2023, 18:5127,532
1 / 4

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» söwda merkezinde ýerleşýän «Ziver» erkek egin-eşikleri dükany baýramçylyk mynasybetli ähli harytlaryna 35%-e çenli arzanlaşyk yglan etdi.

Türkiýäniň ýokary hilli erkek egin-eşikleriniň giň toplumyny hödürleýän bu dükanda klassiki erkek egin-eşiklerinden başlap, kurtkalaryň, jinsileriň dürli görnüşleri bar. Dükanyň satyjylary size laýyk geljek görnüşi we ölçegi tiz tapyp, siziň göwnüňizden turarlar.
Dükanda «Ziver» brendinden başga-da, «Konko», «Fransisco Lopez», «Şahin», «Marco Milano» ýaly brendleriň hem harytlarynyň bar. 35%-e çenli arzanlaşyk bu brendleriň harytlaryna hem degişlidir.
Arzanlaşyk 12-nji dekabrda başlandy. Ol 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

Dükanda eltip bermek hyzmaty MUGT ýerine ýetirilýär. Müşderi internet ýa-da jaň arkaly islendik egin-eşigi sargyt edip bilýär. Dükan şol egin-eşigiň diýen ölçegiňizden bir ölçeg ulusyny we kiçisini eltip berýär. Siz isläniňizi saýlap bilersiňiz.

Iş wagty 9:00-dan 20:00-a çenli.
«Ziver» dükany «Gülüstan» söwda merkeziniň ýanyndaky (Ors bazary) «Aşgabat» söwda merkeziniň 307-nji dükanynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99365 336262
+99365 692296

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.